Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda «Türkmeniň ak öýi» üçin haly dokalýar
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda «Türkmeniň ak öýi» üçin niýetlenilen halylar dokalýar.
Olar iki ýere — Türkmenabat we Daşoguz şäherlerinde gurulýan öýlere ugradylar. Olara umumy meýdany 973 inedördül metr bolan dürli ölçegdäki halylar iberiler. Önümlere sebitlere mahsus bolan göller salynýar.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenabat we Daşoguz şäherlerinde gurulýan «Türkmeniň ak öýi» binalary üçin äpet halylar Serdar çeper halyçylyk kärhanasynda hem dokalýar. Olaryň hersiniň meýdany 276 inedördül metre barabardyr.
Türkmenabat şäherinde gurulýan «Türkmeniň ak öýüni» şu ýylyň iýunynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.