Haj zyýaratyna gitmek isleýänlere täze talaplar girizildi
“Türkmenistan” awiakompaniýasy haj we umra zyýaratyny amala aşyrmak üçin Saud Arabystanyna gitmekçi bolýan zyýaratçylara täze lukmançylyk talaplarynyň girizilendigini habar berdi.
Täze düzgüne laýyklykda, zyýaratçylara poliowirusa, meningokal meningit we sary gyzzyrma kesellerine garşy lukmançylyk sanjymlarynyň geçirilendigi hakynda güwänama almaga borçludyrlar. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugynyň habarynda mälim edilýär.
Täze talaplar barada giňişleýin maglumat Saud Arabystanynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň web-saýtynda ýerleşdirilendir.
Mundan öň, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň başlygy Ýalkap Hojagulyýew bilen Saud Arabystanynyň haj we umra ministri Taufik Bin Fawzan Al-Rabia haj möwsümini geçirmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.