Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda geçirilen iki günlük okuw maslahatyna biziň habarçymyz hem gatnaşdy. 12―13-nji maýda bolup geçen bu çäre häzirkizaman maglumatlar akymynda habarlaryň ygtybarlylygyny barlamak we žurnalistleriň hünär ussatlygyny döwrebap derejede kämilleşdirmek meselelerine gönükdirildi.
Okuw maslahatynyň dowamynda halkara hünärmenler tarapyndan žurnalistleriň hukuklary, borçlary we hünär howpsuzlygy barada giňişleýin düşündirişler berildi. Esasy üns döwrebap žurnalistikanyň halkara kadalaryna laýyklykda, maglumat çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmäge we habarçylaryň iş şertleriniň howpsuzlygyny goramaga gönükdirildi. Şeýle-de, maslahatyň ikinji gününde emeli aň tehnologiýalarynyň žurnalistikadaky orny, press-relizleri operatiw taýýarlamagyň usullary we sanly giňişlikde şahsy howpsuzlygy goramagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu okuw maslahaty ýurdumyzyň metbugat wekilleri üçin diňe bir täze bilimleri almak däl, eýsem özara tejribe alyşmak üçin hem ähmiýetli platforma öwrüldi. Sanly media giňişliginde halkara standartlary öwrenmek, türkmen žurnalistikasynyň dünýä derejesindäki ösüşler bilen aýakdaş gitmegine uly goşant goşýar. Gatnaşyjylar bu ýerde alan täze usullaryny we sanly sowatlylyk baradaky bilimlerini öz gündelik işlerinde, has täsirli makalalary taýýarlamakda ulanmagy maksat edinýärler.
Habarçymyz ÝHHG-niň maslahatyna gatnaşdy
15
May

