“Jeyhun.news”-iň habarçysy 4-nji iýunda Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň žurnalistlerinden ybarat wekilçilikli toparyň düzüminde dünýä meşhur “Ýutong” kompaniýasynyň Gazagystanyň Karagandy welaýatyndaky önümçilik kärhanasyna baryp gördi. Bu kompaniýa biziň ýurdumyzyň hem ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridir.
“Ýutongyň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy 2013-nji gözbaşyny 2013-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýylda biziň ýurdumyz Hytaýyň dünýä belli ulag öndürijisinden şäherara awtobuslaryň birnäçesini satyn aldy. Olar häzirki wagtda Türkmenabat – Aşgabat – Türkmenabat aralygynda hem gatnaýar. 2015 – 2016-njy ýyllarda bolsa ýörite sargyt bilen ýurdumyza kompaniýanyň mekdep awtobuslarynyň uly toplumy getirildi. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyl binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny has ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, kompaniýadan ýöriteleşirilen awtobuslaryň uly tapgyry satyn alyndy. Arkadag şäherinde hereket edip başlan elektrikli awtobuslar hem şu kompaniýanyň önümidir. Üstümizdäki ýylda bolsa ýurdumyza kompaniýa tarapyndan öndürilen şäheriçi awtobuslarynyň 700-si getirilýär. Türkmenistana getirilýän awtobuslaryň ähli kompaniýanyň Hytaýdaky kärhanalarynda öndürilen ulaglardyr.
“Ýutong” kompaniýasy Gazagystandaky önümçiligini 2022-nji ýyldan bäri alyp barýar. Ýurduň “Kaz tehna” kärhanasy bilen hyzmatdaşlykdaky önümçilik her gün awtobuslaryň dördüsini doly taýýar etmäge mümkinçilik berýär.
Habarçymyz Hytaýyň meşhur awtobuslarynyň öndürilişi bilen tanyşdy

05
Jun