MEDENIÝET

Habarçymyz Ginnesiň rekordlar kitabyna giren lyža merkezine baryp gördi

Şu günler Gazagystanda metbugat gezelenjinde bolýan türkmen žurnalistleri 5-nji maýda Almaty şäheriniň etegindäki “Şymbulak” dag şypahanasyna baryp gördüler. Olar bu ýerde 3200 metr belentlige çykýan asma ýol arkaly dag tebigaty bilen ýakyndan tanyşdylar.
Bu ýerde geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan bäri hereket edip gelýän lyža merkezi dünýä we Aziýa derejeli iri ýaryşlaryň ençemesini kabul etdi. Hatda bu ýer 2023-nji ýylda Ginnesiň rekdorlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň uzyn lyža ýoly (3640 metr) hökmünde ykrar edildi.
Gazagystandaky metbugat gezelenjine gatnaşýan wekilçilikli düzümiň hatarynda “Jeyhun.news”-iň habarçysynyň hem bardygyny ýatladýarys.