Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda geçen ýyl 5 million manatlykdan gowrak iş ýerine ýetirildi

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda geçen ýylda dokalan dürli ölçegdäki haly önümleriniň umumy meýdany 2 müň 726 inedördül metre barabar bolup, meýilnama 120 göterim amal edildi. Hasabat döwründe bu kärhanada pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi bolsa 5 million 184 müň manatlykdan hem geçdi. Netijede, bu görkeziji boýunça bellenilen tabşyryk 828 müň manatlyga golaý artyk ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector