Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan
degişli gulluklaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän şeýle möhüm ähmiýetli çärelerde ýaşlary jemgyýetçilik işlerine çekmek, zenanlaryň ygtyýarlyklaryny goramak we goldamak, raýatlaryň iş şertleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we olaryň saglygy barada aladalanmak ugrunda döwlet syýasatymyzda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda nygtalýar.
Duşuşyklara Milli Jemgyýetiň welaýat bölüminiň hünärmeleridir meýletinçileri
hem gatnaşyp, gyz-gelin mertebesi, raýatlarymyzyň hak-hukuklarynyň goragy,
millilik, ynsanperwerlik, edep-terbiýe, sylag-hormat, hoşniýetlilik ýaly ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ýörelgeleriň ähmiýeti dogrusynda aýratyn
nygtaýarlar.
Gyzyl Ýarymaýyň sebitleýin jemgyýeti duşuşyklary geçirýär

15
Nov