JEMGYÝET

Gyzyl Ýarymaý wagyz-nesihat işlerini güýçlendirýär

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Çärjew, Dänew we Darganata etraplaryndaky wekili tarapyndan şu günler Çärjew etrabynyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda ynsan saglygyny goramaga, dürli keselleriň öňüni almaga bagyşlanan okuw maslahatlary geçirilýär. Bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleriniň, dürli ugurlar boýunça zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýän bu çärelerde degişli mowzuklar boýunça täsirli çykyşlara giň ähmiýet berilýär.
Milli jemgyýetiň wekilleriniňdir meýletinçileriniň çykyşlarynda ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini geçirmekligiň, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmekligiň zerurlygyna aýratyn üns çekilýär. Şeýle-de çäräniň dowamynda gyş aýlarynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekligiň, dogry iýmitlenmekligiň, kadaly dynç almaklygyň zerurlygy nygtalýar. Okuw maslahatynda inçekelese garşy göreşmegiň we onuň öňüni almagyň ýollary barada düşünje berýän wideoşekillere tomaşa edilýär we gollanmalar paýlanylýar.