Gyzyl Ýarymaý şu ýyl 99 ýaşaýar
Ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti indi togsan dokuz ýyl bäri tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirip gelýär. Ol 1926-njy ýylda döredilip, şondan bäri gündelik durmuşda we adatdan daşary ýagdaýlarda ilata ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolmagynda galýar.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soň jemgyýetiň täze döwri başlandy. 1992-nji ýylda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurdumyzyň çäginde öz işini halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň ýörelgeleriniň esasynda hereket edýän ýeke-täk özbaşdak jemgyýetçilik guramasy hökmünde ykrar edildi.
Şol döwürden bäri bu gurama Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara hereketine laýyklykda il-ýurt bähbitli wajyp işleri amala aşyryp gelýär. 1995-nji ýylda bu gurama Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara Federasiýasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi.
Häzirki wagtda düzüminde welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda bölümleri, müňläp meýletinçileri bolan Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti gaýragoýulmasyz meseleleri çözmäge işjeň gatnaşyp, döwletimiziň ilkinji kömekçileri bolup durýar. Bu milli jemgyýet hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýar.