JEMGYÝET

Gyzyl Ýarymaý Saýadyň üç şäherinde duşuşyklary geçirdi

Saýat etrabynyň Saýat, Sakar we Garabekewül şäher geňeşliklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň Saýat etrap şahamçasynyň hem-de ýurduň iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralarynyň bilelikde guramagynda «Sagdyn nesil ― sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler zyýanly endikleri köpçülikleýin ýazgaryp, ýaşlary ukyp-başarnygy bilen eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmäge çagyrdylar. Şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetçilik işleriniň hemişelik öňdebaryjylarydygy nygtaldy.
Ýerlerde geçirilen duşuşyklarda şol geňeşliklerde ýaşaýan öňdebaryjy ýaşlara ýadygärlik sowgatlarydyr Hormat hatlary hem gowşuryldy.