Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 99 ýyllygyna bagyşlap, sanly ulgam arkaly wideo-maslahat geçirildi. Onuň işine Milli jemgyýetiň işgärleri we meýletinçileri, bu ugurda sebitiň ýurtlarynda iş alyp barýan wekiller, halkara guramalarynyň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda ynsanperwer ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek, ýokanç keselleriň öňüni almak, adatdan daşary dürli ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda ejir çekenlere kömek bermek bilen bagly meseleler barada pikir alşyldy. Jemgyýetiň wekilleri hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatyndan ugur alyp, mundan beýläk-de köptaraplaýyn işleriň geriminiň giňeldilmegine hem-de olaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryny bellediler.
Gyzyl Ýarymaý onlaýn maslahat geçirdi

28
Mar