JEMGYÝET

Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň 97 ýyllygy bellenildi

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminde jemgyýetiň döreilmeginiň 97 ýyllygy mynasybetli etraplardaky wekilleriň, baýry işgärleriň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň bu jemgyýetiň doly hukukly agzasy hökmünde ynsanperwerlik hukugynyň kadalaryna eýermek, tebigy betbagtçylyklarda ejir çekenlere ýardam etmek, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça alyp barýan işleri dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi.

Şeýle-de soňky ýyllarda ynsan saglygyny goramak, ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, maşgala agzybirligini berkitmek, jemgyýetde abadançylygy pugtalandyrmak, ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen etrap-şäherlerde geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin pikir alşyldy.

Maslahatyň dowamynda tebigy betbagtçylyklarda ejir çekenlere ilkinji kömegi bermäge, adatdan daşary ýagdaýlardan baş alyp çykmaga, ynsanyň jan saglygyna howp salýan nogsanlyklaryň öňüni almaga bagyşlanan wideoşekillere tomaşa edildi we degişli mowzuklar boýunça gollanmalar paýlanyldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: