Gyzyl Ýarymaý Lebabyň üç etrabynda inçekesele garşy göreş bilen bagly duşuşyklary geçirdi
Inçekesele garşy göreşmegiň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Çärjew, Dänew we Darganata etraplaryndaky wekili tarapyndan Çärjew, Dänew we Darganata etrap, Seýdi şäher, Garaşsyzlyk şäherçe hassahanalarynda lukmanlar bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklarda ýerli wekil we saglygy goraýyş işgärlere inçekesele garşy köpçülikleýin göreş çäreleri barada gürrüň edip, şol çäreleriň ähmiýetini ilatyň arasynda wagyz etmek boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, jemgyýeti bu keselden azat etmek birleşen tagallalaryň miwesidir. Şeýle hem çykyş edenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda inçekeseliň döremegine we ýaýramagyna garşy köp işleriň edilendigini aýratyn nygtadylar.
Duşuşyklaryň dowamynda jemgyýetiň ýerli wekili tarapyndan inçekesele garşy göreş gollanmalary hem paýlanyp berildi. Taraplar möhüm mesele babatynda geljekde hem bilelikde işlemegiň meýilnamalary barada pikir alyşdylar.