JEMGYÝET

Gyzyl Ýarymaý Köýten obasynda amaly sport tälim beriş okuwyny geçirdi

Köýtendag etrabynyň Köýten obasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýatyndaky bölümi tarapyndan «Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk» we «Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň endikleri» boýunça amaly sport tälim beriş okuwy geçirildi.
Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guralan bu amaly okuwyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlarda berjaý edilmeli howpsuzlyk düzgünleri barada gürrüň edildi.
Adatdan daşary ýagdaýlarda ejir çekenleri halas etmekde gol astynda bar zatlardan ýerlikli we dogry peýdalanmagyň usullary görkezildi, şeýle-de ilkinji gaýragoýulmasyz kömegiň berlişi barada wideo ýazgylar görkezildi we amallar arkaly giňişleýin düşündirildi.