JEMGYÝET

Gyzyl Ýarymaý Darganatada duşuşyk geçirdi

Darganata etrabyndaky 7-nji orta mekdepde etrap bilim bölüminiň hünärmenleriniň, mekdep mugallymlarynyň we çagalar baglarynyň müdirleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygy Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň etrapdaky ýörite wekili
tarapyndan gurnaldy.
Bu duşuşyk ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge bagyşlandy. Edilen çykyşlarda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýerlerde abadançylyk işlerini geçirmek ýaly işler aýratyn nygtaldy. Şeýle hem bilim işgärlerinden ýaş nesli sporta köräk çekmek haýyş edildi.