Dänew etrabynyň 17-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli
jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Çärjew, Dänew we Darganata
etraplaryndaky wekili tarapyndan etrabyň ähli umumybilim berýän orta
mekdepleriniň we çagalar baglarynyň müdirleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat
duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşyk ýokan we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ynsan saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ýaly möhüm tutumlara bagyşlandy.
Duşuşykda jemgyýetiň wekili giňişleýin çykyş edip, gozgalýan meseleler boýunça
gözükdirmeleri berdi.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylara ýörite çap edilen gözükdiriş kitapçalary
hem paýlanyp berlip, şeýle mazmunly duşuşyklary etrapdaky her bir bilim-
terbiýeçilik ojagynda dowam etdirmek haýyş edildi. Mekdepleriň we çagalar
baglarynyň müdirleri çykyşy uly gyzyklanma bilen diňläp, geljegimiziň eýeleri
bolan ýaş nesliň sagdyn ulalmagy üçin ellerinden gelen tagallany etjekdiklerini
aýtdylar. Ol bu meselede şeýle duşuşyklaryň iňňän uly ähmiýetiniň bardygyny
nygtadylar.
Gyzyl Ýarymaý Dänewde sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan duşuşyk geçirdi

08
Jan