Şu günler Dänew etrabyndaky orta mekdeplerde Türkmenistanyň Gyzylýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň Çärjew, Dänew, Darganata etraplaryndaky wekiliniň guramagynda ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.
Sagdynlygy wagyz edýän duşuşyklara etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, mekdep müdirleridir mugallymlary hem-de tilsimat işgärleri gatnaşýarlar. Olarda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäginde amala aşyrylýan işleriň berýän netijeleri, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň peýdasy dogrusynda gürrüň edilýär.
Duşuşyklara gatnaşyjylara gözükdirijiler paýlanylyp berilýär.
Gyzyl Ýarymaý Dänewde duşuşyklary geçirýär

17
Jan