TÜRKMENISTAN HABARLARY

Gyzyl Haçyň Türkmenistanda okuw sapaklaryny guramagyna garaşylýar

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiçiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-nyň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin meýilnamalaryna seretdiler. Hususan-da, HGHK tarapyndan Türkmenistanyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri üçin halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw kurslarynyň we sapaklarynyň geçirilmeginiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: