JEMGYÝET

Gyzykly: Siz bu daragtyň niresinde?

Bu sowalnamanyň beýik britaniýaly psiholog Pip Wilson tarapyndan esaslandyrylandygyny
aýdýarlar. Sowalnama mekdep okuwçylaryna niýetlenen bolsa-da, uly ýaşlylar hem oňa üns
gönükdirdiler. Çünki sowalnama şahsyýetiň häzirki we geljekki maddy hem-de ruhy ýagdaýyny şöhlelendirýär.
Suraty synlaň! Ondaky adamlaryň dürli ruhy we fiziki ýagdaýlaryna üns beriň! Indi bolsa, olaryň arasyndan ýüregiňize ýakyn birnäçesini saýlaň-da, saýlan adamlaryňyzyň belgisi bilen baglylykda özüňizi öwreniň! Saýlan adamlaryňyz we belgileriňiz häzirki ýagdaýyňyz we geljekki maksadyňyz barada käbir zatlary aýan edýär.
Sowalnamanyň netijeleri:
1, 3, 6, 7 belgileri saýlan bolsaňyz: Siz maksat goýmagy halaýan we oňa ýetmäge ymtylýan adam. Ýalňyşmakdan gorkaňzok, maksada ýetmek üçin islendik kynçylygy ýeňip geçmäge taýýar. Muny başarmak üçin sizde ýeterlik ukyp hem bar.
4 belgini saýlan bolsaňyz: Siz durmuş ýörelgesini üýtgetmeýän we mert adam. Sähelçe tagalla bilen hem uly üstünliklere ýetip bilersiňiz.
2, 11, 12, 18, 19 belgileri saýlan bolsaňyz: Siz hemmeler bilen düşünişip bilýän we göwnaçyk
adam. Islendik wagt daýakynlaryňyzy goldaýarsyňyz we olardam kömegiňizi gaýgyraňzok.
5 belgini saýlan bolsaňyz: Size biraz dynç almak, täze maksatlary goýmak we olara ýetmek
üçin güýç toplamak gerek.
9 belgini saýlan bolsaňyz: Siz şadyýan, göwün açmagy halaýan adam. Ýadawlyk we ýalňyzlyk
bolsa, ruhy dünýäňize asla mahsus däl.
13 we 21 belgilerini saýlan bolsaňyz: Siz ruhy dünýäsinde gizlin duýgulary saklaýan we
ownujak halatlary hem çynlakaý kabul edýän adam. Adamlar bilen aragatnaşyk saklamakdan
gaça durýarsyňyz.
8 belgini saýlan bolsaňyz: Ýalňyzlygy halaýarsyňyz, özüňiz bilen ikiçäk galmagyň tarapynda
durýarsyňyz.
10 we 15 belgilerini saýlan bolsaňyz: Islendik ýagdaýa aňsatlyk bilen uýgunlaşyp bilýärsiňiz.
Durmuşda sizi kanagatlandyrýan orna eýe bolupsyňyz, üstesine-de siz ruhy taýdan güýçli.
14 belgini saýlan bolsaňyz: Siz ruhy taýdan asuda däl we içki gapma-garşylyklaryňyzy
ýeňmek üçin güýç sarp edýärsiňiz.
20 belgini saýlan bolsaňyz: Siz özüňize juda ýokary baha berýän adam. Liderlik häsiýetiňiz
bar, başgalaryň pikirlerini kabul etmegi halaňzok. 
16 belgini saýlan bolsaňyz: Başgalaryň aladasyny etmekden ýaňa, halys ýadapsyňyz. Indi
özüňiz üçin hem bir zatlary etmegiň wagty geldi.
17 belgini saýlan bolsaňyz: Siz ýakynlaryňyz tarapyndan goldanýarsyňyz.

Taýýarlan
Agageldi ITALMAZOW,
«Jeýhun.news».

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: