BIZE YAZYARLAR

Gyzykly saz maglumatlary

Eger siz saz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, sungat mekdeplerde okaýan bolsaňyz ýa-da diňe saz diňlemegi gowy görýän bolsaňyz, onda saz terminleriniň, notalaryň, oktawalaryň we beýleki zatlaryň gelip çykyşy barada bilmek size gyzykly bolar.
1. Notalary kim oýlap tapdy?
XI asyrda Italiýada Gwido Aretinskiý atly monah ýaşapdyr. Ol oglanlar hory bilen işläp, olara buthana aýdymlaryny öwredipdir.
Gwido okuwçylaryna kömek etmek üçin sesleriň belentligini kagyza ýazyp, her sese at bermegi ýüregine düwýär. Şeýlelikde, notalary kagyzdan okap bolýardy. Bu monah döwrebap notalary ulanmaga başlan ilkinji adam hasaplanýar.
2. Notalaryň ady nireden gelip çykdy?
Häzirki bar bolan atlandyryş ulgamy Gwidonyň saz sapaklarynda sesi açmak üçin ulanan keramatly Ioanna bagyşlanan «Ut queant laxis» gimni netijesinde döräpdir. Bu eseriň her indiki setiri bir basgançak ýokardan başlanýardy.
Ilkinji alty nota soňra gimniň her setiriniň birinji bogunlary hökmünde atlandyryldy, ýedinji nota bolsa şol bir gimniň indiki setirinden meňzeşlik esasynda soňrak goşuldy.
Ut queant laxis
Resonare fibris
Mira gestorum
Famuli tuorum
Solve polluti
Labii reatum
Sancte Ioannes
XVII asyrda birinji amatsyz «Ut» bogny has ýakymly eşidilýän «DO» bogny bilen çalşyldy. Notanyň bu adynyň latyn dilindäki «Dominus», ýagny «Reb» (Hudaý) sözünden gelip çykandygy barada pikirler bar.
3. Näme üçin bary-ýogy 7 nota bar?
Aslynda notalaryň sany gimndäki setirleriň sanyna görä bolupdyr. Soňra käbir notalaryň arasynda goşmaça sesleriň ýerleşip biljekdigini görüpdirler. Döredilen ulgamy üýtgetmän, diňe diyezleri we bemollary goşupdyrlar.
Şeýlelikde, her bir sazy islendik tonallykda çalmaga mümkinçilik berýän 12 nota emele gelipdir.
Gyzykly maglumat: Mosart saz öwrenip başlanynda bary-ýogy 3 ýaşyndady. Ol uly uýasynyň sapaklaryna gatnaşyp, saz gurallarda özbaşdak sesleri çalmaga çalşypdyr. 4 ýaşynda kakasy oňa klawesinda kiçijik pýesalary öwredip başlaýar, 5 ýaşynda bolsa Wolfgang eýýäm özbaşdak saz eserlerini döredip başlapdyr.
4. Nota düşegi (nota setiri) näme?
Notalaryň ýerleşýän bäş sany çyzygyna nota düşegi diýilýär. Käwagt çyzyklaryň aşagyndan ýa-da ýokarsyndan goşmaça çyzyklar hem ulanylýar.
Häzirki nota ýazyş ulgamynyň esaslandyryjysy hökmünde ýene-de şol monah Gwido Aretinskiý hasaplanýar. Ol notalary nota düşeginiň üç çyzygynda  ýazmagy oýlap tapypdyr. Dördünji çyzyk bolsa zerurlyga görä ýa ýokardan, ýa-da aşakdan goşulypdyr.
5. Näme üçin notalar edil şu görnüşde bellenilýär?
Başda saz eserlerini ýazmak üçin newmalar (latyn dilinden — “baş atmak”) ulanylypdyr. Bu belgiler bilen diňe sazyň ugruny belläpdirler, has takyk düşündirmek üçin bolsa ýokarsyndan sesiniň belentligini we dowamlylygyny goşupdyrlar. Newmalar boýunça sazy diňe şol eseri öňden bilýän adam çalyp bilipdir.
Şol bir monah Gwido Aretinskiý häzirki zaman belgilere meňzeş usuly ulanyp başlaýar. Ilki bilen ol newmalary nota düşeginde ýazmagyň ýoluny tapýar, soňra bolsa newmalara zerurlyk galmaýar, sebäbi ähli gerek maglumat çyzyklaryň kömegi bilen görkezilipdir.
Şeýlelikde, notalary ýazmak üçin ilki içini gara bilen boýalan kwadratlar, soňra bolsa has amatly we çalt bolmagy üçin tegelekler ulanylyp başlanypdyr.
Gyzykly maglumat: Dünýäniň iň meşhur kompozitorlarynyň biri Lýudwig wan Bethowen ýaşlygyndan eşidiş ukybynyň pesliginden ejir çekipdir. Ol eýýäm doly ker bolanda-da, saz ýazmagyny bes etmändir. Bethowen notalaryň nähili seslenýändigini anyk bilipdir we olaryň utgaşmasyny öz hyýalynda janlandyrypdyr. Onuň meşhur eserleri hut şeýle usulda döredilipdir.
6. Skripka açary näme?
Açar — nota  düşeginiň belli bir çyzygynda goýulýan belgidir. Açaryň merkezi bölegi notanyň belentliginiň şol çyzykdaky ornuny görkezýär.
Ýewropada instrumental sazyň dörän döwürlerinde skripka açary bilen skripka üçin notalar bellenilipdir (ady hem şondan gelip çykýar). Açaryň özi bolsa skripkanyň simwoliki şekillendirilişidir.
7. Saz oktawasy näme?
Sazda ulanylýan ähli ses diapozony 9 oktawa bölünýär. Olaryň her biriniň öz ady bar. Saz sesleriniň diapozonynyň ortasynda ýerleşýän oktawa Birinji oktawa diýilýär, soňra bolsa Ikinji, Üçünji, Dördünji we ahyrynda Bäşinji oktawalar gelýär.
8. Saz tonallygy näme?
Ladyň (saz düzüminiň) belli bir belentlikde ýa-da belli bir notadan başlap seslenmegine tonallyk diýilýär (grek dilinden — “dartgynlylyk”, “dartylma”, “ton”). Mysal üçin, tonikasy «fa» bolan major — «Fa-major» tonallygyny, tonikasy «si» bolan minor bolsa — «Si-minor» tonallygyny emele getirýär.
Sazda 24 sany tonallygy hasaba almak kabul edilendir.
9. Ilkinji professional sazandalar haçan peýda boldy?
«Saz»  termini gadymy Gresiýada döräpdir we ol «muza» sözünden gelip çykypdyr. Şol döwürde aýdym aýtmak ýa-da saz gurallaryny çalmak bilen eklenç edýän bu käriniň ilkinji wekilleri peýda bolupdyr.
10. Garmoniýa sözi grek sözünden gelip çykypdyr, ol “düzgünlik”, “ölçeg taýdan takyklyk”, “sazlaşyk” manysyny berýär. “Garmoniýa” sözi sazandalaryň arasynda örän hormatlanýar.

Zöhre UMAROWA,
Kerki etrap çagalar sungat mekdebiniň “Saz nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.