JEMGYÝET

Gyzlar klublarynyň arasynda bäsleşik geçirildi

Lebap welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň dabaralar zalynda «Iň gowy gyzlar kluby» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bäsleşige onuň etrap we şäher tapgyrlarynda öňe saýlanan orta mekdepleriň gyzlar klublarynyň işjeňleri gatnaşdylar.

Eminleriň gelen netijesine görä, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň «Lälezar» atly gyzlar kluby birinji, Saýat etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň «Bägül» atly gyzlar kluby ikinji, Darganata etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň «Aýna» atly gyzlar kluby bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijiler bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş ederler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: