JEMGYÝET

Gyzjagazlaryň hünär bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Lebap welaýat Geňeşi, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde gurnamagynda 2-5 synp okuwçy gyzlarynyň arasynda “Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim” atly döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň bu tapgyryna şäher we etrap tapgyrlarynda 1-nji, 2-nji orna mynasyp bolan gyzjagazlar gatnaşdylar.

Onda gyzjagazlar türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän milli el işleri (alaja işmek, jorap örmek, keşde gaýamak, haly dokamak, keçe basmak) boýunça özleriniň ukyp başarnykly zehini  görkezdiler.

Bäsleşigiň netijesi boýunça Dänew etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýna  Döwletýarowa birinji, Saýat etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Käbenur  Şatlykowa ikinji, ýene şol etrabyň 26-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Merjen Rozymuradowa üçünji orna mynasyp boldy. Türkmenabat şäheriniň 39-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Medine Myradowa bilen Halaç etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Aýjeren Jomartowa bolsa höweslendiriji baýrak bilen sylaglanyldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we gatnaşyjylaryna TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: