LUKMANÇYLYK

Gyşky sagdynlyk endikleri barada ýatlatma paýlaşyldy

Welaýat neşiriniň täze sanynda gyş pasly bilen bagly käbir ýatlatmalar paýlaşyldy. Olarda şeýle diýilýär: «Gyş paslynda bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Açyk howada gezelenç etmeli. Pasla görä geýinmeli. Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Asgyran, üsgüren halatyňyzda hökman elýaglyk bilen agzyňyzy we burnuňyzy ýapmaly. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň arassa bolmagyny gazanmaly we arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmaly. Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Ýokumlara baý bolan önümleri kabul etmeli.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-
ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen
maslahatlaşyp içmeli».

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: