BIZE YAZYARLAR

Gyş üçin peýdaly maslahatlar

Tomus, güýz pasyllarynda gök önümleriň, bakja ekinleriň bol hasyly ýetişip,
olardan gyşda peýdalanmak üçin ýörite gaplara gaplaýarys. Gaplamagyň
birnäçe görnüşleri bolup, olaryň zaýalanman saklanmagyny üpjün etmegiň,
biologiki we iýmit gymmatlylygyny, şeýle-de gyşda iýmäge ýaramly,
zaýalanman saklanyp, saglyga howpsuz önümleri taýýarlamak zerurdyr.
Mundan başga-da, gyş üçin niýetlenen miweleri sowadyjynyň doňdurylýan
bölüminde doňdurylyp saklanylýar. Bu usul has peýdaly we howpsuzdyr.
Sebäbi olar düzümindäki ýokumlary we peýdaly maddalary ýitirmeýär. Ýöne
olary entäk doňy açylmanka ulanmaly.
Mürepbede we kompotda petkin bilen kletçatka köp. Ýöne olaryň düzümine
şekeriň goşulandygy sebäpli kän iýmeklik maslahat berilmeýär. Eger mürepbe gutaran halatynda öýde 10-15 minutda taýýarlap bolýan şirinlikleri
ulanaýmaly. Meselem, ir-iýmişleri gyrgyçdan geçirip, şeker bilen oňat garmaly. Agzy berk gapylan çüýşe gaba salyp, sowadyjyda saklamaly. Bu usul hem çalt taýýarlanýar, hem-de düzümindäki ýokumlary ýitmeýär.
Duzlanan önümlerde ýokumlaryň köp bölegi saklanýar. olaryň duzy özleşdirýän wagtynda emele gelýän organiki turşular toksinleri bedenden çykarýar. Ýöne duzuň böwreklere we gan damarlaryna agram berip, gan basyşyň ýokarlanmagyna, ýürek-damar keselleriniň beterleşmegine getirýändigini hem unutmaň. Şol sebäpden duza ýatyrylan önümleri belli bir möçberden artyk iýmek maslahat berilmeýär.
Sirke peýdaly bakteriýalary ýok edýär. Ol aşgazanyň , gyzylödegiň, içegäniň
nemli bardasyny gyjyndyrýar. Şol sebäpden sirke goşulyp, gaplanan önümleri iýmit siňdiriş ýollarynyň ynjalyklarynda, aýratyn aşgazan-içege agzalarynyň başly ýaralarynda ulanmakdan gaça durmaly. Duza ýatyrylyp turşadylan (kwaşeniýe) önümler içegäniň işini kadalaşdyrýar.
Ýagny maddalaryň alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar. Önümlerde turşaýan wagty
tebigy konserwant hökmünde süýt we sirke turşulary bölünip çykýar. Şeýlelikde olaryň düzüminde C we PP ýokumlary köpelýär. Mysal üçin turşadylan kelemde ýokumlaryň we mikroelementleriň 100-e golaý görnüşiniň bardygy anyklanyldy. Turşadylan önümler aşgazan şiresiniň bölünip çykmagyna itergi berýär. Hut şonuň üçin olar bilen iýilen tagamlar ýeňil özleşýär we tiz siňýär.

Gülendam HAÝDAROWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: