Gyş paslynda Gün Ýer planetasyna has golaýlaşýar we muňa seretmezden howa sowuk bolýar. Bu näme üçin beýledigini düşündirmek üçin internet arkaly birnäçe gyzykly maglumatlary jemledik.
Gyş pasly täsin pasyl bolup onuň başlanyşy 3 hili düşündirilýär. Kalendarda gyş pasly 1-nji dekabrda başlanýar. Metereologlaryň hasaby bilen howa sowanda gyş pasly başlanýar. Astronomiýada bolsa 21-22-nji dekabrda başlanýar. Howanyň iň sowuk hasaba alynmagy taryhda -91.2 gradusa deň boldy. Ol Antraktida materiginde hasaba alnan bolup, adamyň ol ýere baryp bilmänligi sebäpli Sputnikden hasaba alnandyr.
Gyş paslyna iňlislerde “winter”, ruslarda bolsa “zima” diýilýär. Rus dilindäki “zima” sözi grekleriň çhemiýa sözünden gelip çykyp şemal, tüweleý diýmekligi aňladýar. Gresiýada gyş paslynda gar ýagmaýar, köplenç ýagyş ýagýar, şonuň üçin howanyň iň sowuk wagtyna ýagyşly döwrüne gyş pasly diýip atlandyrýarlar. Iňlisleriň winter sözi nemes dilinden “Wintar-suw” diýen sözden gelip çykypdyr.
Hemmämize mälim bolan akja gar tozgajyklary gyş paslynda ýer ýüzüniň üstüni gaplap alýar. Olar gurak gaty gar tozgajyklaryna hem-de öl ýa-da çygly gar tozgajyklaryna bölünýärler. Gar bölejikleriniň düzümindäki suwuň mukdary dürli dürli bolup şol bir wagtyň özünde olaryň şekilleri hem bir-birine meňzemeýär. Ýer ýüzünde näçe adam bar bolup olaryň biri-birine meňzemeýşi ýaly, gar tozgajyklarynyň şekilleri hem dürli-dürli bolýar. Olaryň düzüminiň 95% howadan ybarat bolup, ol suw damjasynda has ýeňil bolýar.
BABAÝEWA Jennet,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
