Gyrgyzystanda Türki mirasyň merkezi işläp başlady
Žusup Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň ýardamy astynda hereket etjek merkez açyldy. Bu barada täze merkeziň ýolbaşçysy Kaýrat Osmanaliýew habar berdi diýip, «Trend» ýazýar. Osmanaliýewiň sözlerine görä, merkez türki halklaryň arheologiýa, taryh, etnografiýa, folklor, dil we edebiýat ugurlarynda düýpli ylmy barlaglary alyp barar. «2022-2023-nji ýyllarda Gyrgyzystanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy tarapyndan ştab-kwartirasy Bakuwda ýerleşýän Türki medeniýetiň we mirasyň merkezi bilen Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada geňeşmeler boldy. Netijede, hyzmatdaşlyk boýunça memoranduma gol çekildi, şu ýylyň sentýabrynda Türki mirasyň merkezi açyldy» diýip, ýolbaşçy gürrüň berdi. Merkez şeýle hem taryhy-medeni ýadygärlikleri we maddy däl medeni mirasy öwrenmäge gönükdirilen maksatnamalary goldamak bilen meşgullanar. Bu öz gezeginde türki halklaryň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmaga, türki halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam eder.