BILIM

Gyrgyzystanda okuw ýyly adatdakysyndan 15 gün giç başlanar

Gyrgyzystanda täze okuw ýyly 15-nji sentýabrda başlanar. Gyrgyzystan Respublikasynyň ministrler kabinetiniň mejlisinde şeýle karara gelindi. Ministrler kabinetiniň baştutany Ulukbek Maripow eýýäm bu karara gol çekdi, diýip «Российская газета» ýazýar.

Ministrler kabinetiniň metbugat gullugynda düşündirişlerine görä, oflaýn-okuwa tapgyrlaýyn geçmek maksady bilen okuwyň hilini üpjün etmek üçin, şonuň ýaly-da ýurduň epidemiologiki ýagdaýy bilen baglanyşykly okuw ýylynyň başy iki hepde yza süýşürilipdir. Okuwyň adaty görnüşde dowam etmegini dikeltmek üçin  jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň meseleleri, şeýle formatyň artykmaçlyklary we töwekgelçilikleri hem-de beýleki faktorlar göz öňünde tutulmaly.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: