Посвятили вечному и ценному искусству
- UNCATEGORIZED

Gymmatyny ýitirmeýän sungata bagyşlandy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň etrap merkezi kitaphanasy bilen bilelikde guran çäresi halyçylyk sungatyna bagyşlandy.

Etrap merkezi kitaphanasynyň jaýynda geçen çärä Kerki şäherindäki orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Onda 2019-njy ýylyň dekabrynda türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi we munuň milli gymmatlyklary mundan beýläkde gorap saklamakdaky, baýlaşdyrmakdaky we indiki nesillere ýetirmekdäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Haly gölleriniň Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynda şekillendirilendigini belläp geçdiler. Türkmen milli halyçylyk sungatyny dünýä ýaýmakdaky orny baradaky gürrüňlere hem aýratyn orun berildi. Şonuň ýaly-da, ellerinden dür dökülýän gelin-gyzlaryň yhlasy bilen dokalýan halylaryň, haly önümleriniň türkmen halkynyň durmuşynda tutýan orny hakynda hem durlup geçildi.

Ozal Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, «Görogly» şadessanynyň, Nowruz baýramynyň hem bu sanawa girizilendigini ýatlatdylar.

Kitaphanada bu tema bagyşlanan ýörite sergi guraldy. Onda haly we haly önümleri, halyçylyk sungatynyň taryhy we şu güni barada gürrüň berýän kitaplar, gazetlerde we žurnallarda çap edilen makalalar, suratlar goýuldy.