DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Gymmatbaha hüjümçi PSŽ-den gider

 “Pari Sen-jermen” hüjümçisi Randal Kolo-Muani gyşky transfer döwründe toparyny üýtgetmek kararyna geldi.

 Uly umytlar bilen topara getirilen fransuz futbolçysy baş tälimçilige Luis Enrike bellenenden soň köp kynçylyk çekdi.

 “Aýntrahtda” gol urmak ussatlygyny görkezenden soň, 2023-nji ýylyň tomsunda Pariž klubyna 95 million ýewro öwezine transfer edilen 25 ýaşly hüjümçi ispaniýaly hünärmeniň oýun görnüşine laýyk gelmedi.

 Netijede, Randal ýeterlik oýun tejribesini gazanyp bilmedi. Bu möwsüm ähli ýaryşlarda 9 gezek meýdana düşüp, jemi 366 minut oýnady we öz hasabyna jübüt pökgini ýazdyrdy.

 Randal Kolo Muaniniň klub bilen şertnamasy 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: