SPORT WE SYÝAHAT

Gwardiola şägirtlerinden birini goýbermäge razy boldy

 “Mançester Siti” toparynyň tälimçisi Hosep Gwardiola portugaliýaly ýarymgoragçy Mateuş Nuneşi goýbermäge razy boldy.

Ispaniýaly hünärmeniň bu karary Ilkaý Gündoganyň kluba gaýdyp gelmegi bilen baglanyşykly.

Öňki kapitanyň gaýdyp gelmegi 25 ýaşly futbolçynyň ýollaryny ýapmagy mümkin.

Geçen tomus “şäherliler” Ilkaý Gündogan topardan gideninden soň, Nuneşi “Wulwerhemptondan” almak üçin 54 million funt sarp etdiler.

Häzirki wagtda “Liwerpul”, “Çelsi”, “Nýukasl”, “West Hem” we “Ewerton” portugaliýaly futbolçy bilen çynlakaý gyzyklanýar.