YKDYSADYÝET

«Guwlyduz» kärhanasynda önümçigiň möçberi artdyrylýar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kärhanasynda şu ýylyň geçen dokuz aýynda senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin gazylyp alynan duzuň umumy möçberi 72500 tonna ýetip, degişli meýilnama 103,8 göterim berjaý edildi.

Şu döwürde däneli duz öndürmegiň iş meýilnamasyna hem 105,9 göterim hötde gelindi. Bu bolsa önümiň 60900 tonnasyna derek 64510 tonnasynyň çykarylandygyny görkezýär. Umumy gaplanan nahar duzy hem 23276 tonna ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 147,2 göterime deň boldy.

Geçen ýyl geçirilen döwrebaplaşdyryş işleriniň netijesinde kärhanada nahar duzuny öndürmegi 40 müň tonna, gerdejik görnüşli tehniki duz öndürmegi bolsa 2500 tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik döretdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: