Eziz Watanymyzda adamlaryň saglygyny goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejelerine laýyklykda ösdürmek, keselleriň öňüni almak, ilaty saglygy goraýyş hyzmatlary bilen doly derejede üpjün etmek işine möhüm wezipeleriň hatarynda goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda neşir edilen täze kitaby «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» diýlip atlandyrylyp, onda milli saglygy goraýşyň we derman senagatynyň ösüşli menzilleri, geçen döwürde gazanylan üstünlikler barada anyk maglumatlar arkaly täsirli gürrüň berilýär. Jemi 22 bölümden ybarat bolan bu kitap bilen tanşanyňda, geçen 30 ýylyň
içinde milli saglygy goraýyşda netijeli ösüş-özgertmeleriň gazanylandygyna anyk göz ýetirmek bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby «Il saglygy — ýurt baýlygy» atly bölüm bilen açylýar. «Saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylygy we dolandyrylyşy» atly bölümde ulgamyň guramaçylyk işleri, dolandyrylyş işleri barada gürrüň berilýär. Kitapda häzirki döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalaryna hem aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň «Keselleriň öňüni almak — sagdyn durmuşyň esasy», «Sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek», «Döwrebap bejeriş-öňüni alyş usullary», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak» atly
bölümlerinde ýurdumyzda öňüni alyş çäreleriniň ýola goýluşy, olaryň oňyn netijeleri barada giňişleýin maglumat berilýär. Kitaby «Saglygy goraýyş ulgamynyň kämil maddy-tehniki binýady», «Saglygy goraýşyň maliýe üpjünçiligi» atly bölümlerinde bolsa, ýurdumyzda bellenilen maksatnamalara laýyklykda, ulgamy özgertmek boýunça durmuşa geçirilen işler öz beýanyny tapýar. «Sagdyn ene — sagdyn nesil» atly bölümde ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatda alnyp barlan işler barada doly maglumatlar bilen tanşyp bolýar. «Hassahana bejergisi» atly bölümde bolsa, ýurdumyzyň hassahanalaryna
yzygiderli ornaşdyrylýan döwrebap enjamlaryň adamyň saglygyny goramakdaky
ähmiýeti barada bellenilýär.
Täze kitapda milli saglygy goraýyş ulgamynyň kardiologiýa, pulmonologiýa, onkologiýa, endokrinologiýa gulluklarynyň ösüşine hem aýratyn bölümler bagyşlanypdyr. «Derman senagatynda ösüşler», «Ilatyň derman serişdeleri bilen üpjünçiligi» atly bölümlerde Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu ugurda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapýar. Kitabyň «Melhemli şypahanalar» atly bölüminde ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň mümkinçilikleri, döredilen şertler barada gürrüň berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabynyň «Saglygy goraýyşda sanly ulgam» atly bölüminde ýurdumyzda sanly lukmançylygy ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilýär. Täze kitap «Saglygy goramak döwletiň baş wezipesidir» atly bölüm bilen jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
Lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gahryman Arkadagymyzyň saglyk taglymatynyň esasyny düzýän «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary» atly monografiýasy, «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistan — melhemler mekany» atly ylmy kitaplary, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edilip, lukmançylyk ylmynyň
ösmegine uly goşant goşýar.
Sapargeldi ROZYÝEW,
Darganata etrap hassahanasynyň deri wenerolog lukmany.
