Çärjew etrabyndaky 8-nji orta mekdepde Halkara Guşlar güni mynasybetli «Guşlar biziň buýsanjymyzdyr» atly baý many-mazmunly agşam geçirildi. Çärä mugallymlar, okuwçylar hem-de ene-atalar gatnaşyp, onuň dowamynda ýaş nesillerde tebigata söýgi döretmek, guşlary goramak baradaky düşünjeleri berkitmek esasy maksat edinildi.
Agşam dabaraly çykyşlar bilen başlanyp, okuwçylar tarapyndan guşlar hakynda ýazylan goşgular labyzly okaldy. Şeýle hem taýýarlanan ýörite surat albomyna tomaşa edilip, onda dürli guş görnüşleriniň aýratynlyklary, olaryň ýaşaýyş gurşawy we adamzat üçin ähmiýeti barada gyzykly maglumatlar beýan edildi.
Çäräniň dowamynda okuwçylar tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar agşama aýratyn bezeg berdi. Şeýle hem guşlar temasy boýunça surat bäsleşigi geçirilip, ýaş suratkeşleriň döredijilik işleri görkezildi. Bu bäsleşik okuwçylaryň tebigata bolan garaýşyny, olaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmaga giň mümkinçilik döretdi.
Agşamyň dowamynda sahna oýunlary ýerine ýetirilip, guşlaryň tebigatdaky orny, olaryň goralmagynyň zerurlygy barada täsirli sahnalar görkezildi. Şeýle-de mekdepde guralan sergide okuwçylaryň taýýarlan dürli el işlerine we döredijilik işlerine tomaşa edildi. Çärä gatnaşyjylaryň arasynda gyzykly sowal-jogap hem guralyp, okuwçylaryň bilim derejesi synagdan geçirildi.
Bu çäre ýaş nesillerde tebigaty goramak, guşlara ideg etmek ýaly gymmatly düşünjeleri ösdürmäge ýardam berdi. Şeýle manyly agşamlar okuwçylaryň bilimini giňeltmek bilen bir hatarda, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga hem uly goşant goşýar.
Rejepbaý ÇARYÝEW,
Çärjew etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy.

