Guşçulyk toplumynda her günde 60 ― 70 müň töweregi ýumurtga alynýar

Mary etrabynda iş alyp barýan telekeçi Anna Orazmämmedowyň özüne degişli bolan guşçulyk toplumynda gündelik 60 — 70 müň töweregi ýumurtga alnyp, söwda nokatlaryna ugradylýar. Toplumda ýumurtga ugurly towuklaryň jemi 86 müňe golaýy idedilýär.

Bu ýerde towuklaryň iýmine, suwuna, umuman, gerekli şertleriň talabalaýyk ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edilýär. Topluma degişli bolan ekin meýdanlarynda towuklar üçin iýmlik arpa, soýa, mekgejöwen ýaly ösümlikler ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ösümlikler ýumurtgalaryň ekologiýa taýdan arassa, tebigy önüm bolmagyny şertlendirýär. Şeýle hem towuklaryň iýminiň düzüminde minerallardyr witaminleriň ýeterlik mukdarda bolmagy gazanylýar. «Kekeç» haryt nyşany bilen ýerli söwda nokatlaryna ugradylýan geçginli ýumurtgalar alyjylaryň ösen islegini kanagatlandyryp, barha köp hyrydarlyga eýe bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector