Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge uly goşant goşan ussat halypalarymyzyň atlaryny ebedileşdirmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny giň gerimde dowam etmek, olaryň nusgalyk ýollaryny ýaşlara geçirmek, şahsyýetlerimizi arşa galdyrmak barada aladalar, uly işler alnyp barylýar. Şeýle ussat halypalarymyzyň biri hem meşhur sungat ussady, dessançy bagşy Türkmenistanyñ halk bagşysy, salyr-saryk ýoluna öz uly goşandyny goşan, özboluşly ýoly bilen özüni tanadan bagşylaryň biri Gurt Ýakubowdyr. Gurt Ýakubow aglaba tirme aýdymlar aýdylýan salyr-saryk ýoluna kyssaçylygyñ
özboluşly şahasyny ornaşdyrdy. Bu kyssaçylyk Pälwan bagşynyñ, Magtymguly Garlynyñ kyssalaryna meñzeýärdi. Salyr-saryk ýolunyñ aýdym-sazyny söýýänleriñ iñ köp diñleýäni Gurt Ýakup bolmak bilen, ile özüni söýdüren bagşydyr. Ol dutarda adaty ýerine ýetirijilik bilen birlikde, gözbaşyny meşhur Nobat bagşydan alan kwinta, unison düzgünlerinde hem täsin owazlar alyp, dutaryñ ýerine ýetirilişine täze ýerine ýetiriliş mümkinçiliklerini girizen ussatdygyny bellemek gerek.
Bagşy 1948-nji ýyllarda hojalyk işlerine gümra bolup, 1958-nji ýyldan soñ ol Ýolöten etrabynyñ medeniýet öýünde birnäçe ýyllaryñ dowamynda işläp, birnäçe kyssalaryñ goşgy bentlerine saz heñleri döredipdir. Olardan “Arap dilli söwdügim”, “Şazada hanym geldi”, “Gara göz”, “Düşüñ atdan görüşeli” aýdymlaryny görkezmek bolýar. Gurt Ýakubow tirme aýdymlaryñ hem ussady bolmak bilen çäklenmän, ilki bilen türkmeniñ beýik akyldar şahyry Magtymgula ýüzlenýär. Bagşy şahyryñ arap dilli kitaplaryny okap, ol kitapdaky bentleri öwrenmegi başarypdyr.
Şeýle hem halk arasynda aýdym aýdyp geçen halypa bagşylaryñ arasynda Magtymguly Pyragynyñ sözlerine iñ köp aýdym aýdan Gurt Ýakubowdyr. Döwürdeşleriniñ ýatlamagyna görä, Gurt bagşy Magtymgulynyñ 1983-nji ýylda çykan iki tomly kitapdaky ähli goşgularyny aýdym edip aýdypdyr. Bagşy diñe bir Mary welaýatynda däl-de, eýsem ýurdumyzyñ ähli künjeklerinde özüni ussat dessançy, rowaýatçy, taryhçy diýilmegi bilen äşgär edip bildi.
Gurt Ýakubowyñ owazynda, aýdan aýdymynda, çalan sazynda üýtgeşik täsirli gamgynlyk bar. Gündizlerine edil aýna bakan ýaly kitapdan aýrylmaz eken. Örän seýrek görülýän ýatkeşligi bilen töweregindäkileri haýran eder eken. Ol öz bilýän dessandyr aýdym-rowaýatlaryny näçe köp bilýänem bolsa, olary az hasaplar eken. Ýene öwrenmeli zatlaryñ känligi ýatlap hyrjyny dişlänini bilmän galar eken. “Adam ähli zady ýatdan bilmelidir” diýen akyl-paýhasa ymykly özüni aldyran eken.
Bir gezek ol bir ýaşulyda “Ýusup-Ahmet” dessanynyñ köne nusgasyny görüpdir-de ol dessany ýat tutmak üçin kyrk günlük sorapdyr. “Kyrk günlük?” diýip, kitap eýesi geñirgenipdir. Gurt Ýakubow bolsa kitaby uzak möhletlik soraýandyryn öýdüp: “onda otuz bäş günlük beräýiñ” diýipdir. Kitap eýesi otuz bäş gün diýlende Gurt bagşynyñ bosagasyndan baranda, uly dessany sanalgyja günde ýat tutup boljagyna hiç ynanmandyr. Gurt bagşy myhmanyñ öñüne kitaby goýupdyrda höwes bilen “Ýusup-Ahmedi” aýdyp beripdir welin, myhmanyñ geñ galyşynyñ çeni çaky bolmandyr.
Gurt Ýakubow Magtymguly Pyragynyň çykan kitaplarynyñ ählisini aýdym edip aýdan ýeke-täk bagşydyr. Ol diñe Mary sebitlerinde däl, eýsem ýurduñ ähli ýerlerinde hem söýüp diñlenilipdir. Gurt Ýakup diýlende göz öñüñe ilki bilen dessan gelýär. Ol belent halypa halkyñ hakydasynda baky ýaşar. Onuñ ýazgylary bu günki günde gyzyldan gymmatly hasaplanylyp, türkmen arhiwinde saklanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň tagallary bilen halypa ussatlarymyzy, şahsyýetlerimizi ýatlamaga giň mümkinçilikler döredip berýändigi üçin biz talyp ýaşlaryň alkyşlary çäksizdir. Goý, Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak, tutýan beýik tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maýsa BAÝRAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy