BIZE YAZYARLAR

Gurnaklarda okatmagyň täsirli usullary

Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde üstünlikli işler amala aşyrylýar. Orta mekdeplerde dürli usullar esasynda bilim we terbiýeçilik işleriniň alnyp barylmagy, gurnaklaryň hereket etmegi uly ähmiýete eýedir. Gurnaklar bilim berijiligi we terbiýäni öz içine alýar.

Biz hem rus dili gurnaklarynyň işiniň netijeli bolmagy üçin dürli iş usullaryny ulanýarys. Okuwçylar bu gurnakda rus diliniň grammatikasyny, dogry ýazmagy we okamagy, çeper eserleri terjime etmegi, olaryň many-mazmuny barada öz pikirlerini beýan etmegi öwrenýärler. Bu usullar çagalara ahlak, zühmet, gözellik terbiýesini bermäge ýardam edýär.

Gurnaklarda her bir sapagy täsirli guramak mugallymyň döredijiligine we çekýän zühmetine bagly. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy her bir sapagyň täsirli bolmagyna kömek edýär. Gurnaklarda okuwçylar çeper eserleriň üsti bilen sözleýiş endiklerini ösdürýärler.

Bu okuwlar orta mekdeplerde çagalara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Okuwçylar rus edebiýatynyň görnükli wekilleriniň goşgularyny ýatdan öwrenmekde öz aralarynda bäsleşýärler. Olar goşgulary uly gyzyklanma bilen okaýarlar. Okamak endigi, dürs ýazuw çeper we labyzly okaýyş esasynda amala aşyrylýar. Olar ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligine degişli nutuklary hem taýýarlaýarlar. Magtymguly Pyragy we A.S Puşkiniň döredijiligi barada ýazylan nutuklarda okuwçylar öz ukyplaryny ýüze çykardylar.

Rus dili gurnaklary guramaçylykly alyp barmak okuwçylaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginiň esasyny düzýär.

Hurmagül Çaryýewa,

Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň rus dili mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: