YKDYSADYÝET

Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi artýar


Türkmenabat şäherindäki “Demirbetonkonstruksiýa” kärhanasynda ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan gurluşyk önümleriniň öndürilişi barha artyrylýar. Kärhanada şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda gurluşyk üçin betonyň 16 müň kub metri, harytlyk betonyň 300 kub metri, keramzidiň 9 müň 500 kub metri, kerpijiň 844 müň sanysy, şeýle-de demir gurnawlarynyň hem 12 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 29 million 171 müň 554 manatlyga deň boldy.