TÜRKMENISTAN HABARLARY

Gürgende türkmen önümleriniň sergisini guramak meýilleşdirilýär

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) başlygy Mergen Gurdow bilen Bilelikdäki türkmen-eýran söwda-senagat palatasynyň başlygy Ramazan Bahramini 2025-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisini guramak mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
Sergini guramaklyga türkmen önümleriniň eýran bazaryndaky gerimini
artdyrmakda we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy
berkitmekde möhüm ädim hökmünde garalýar. Bu barada TSSE-niň metbugat gullugy habar berýär.