SYÝASAT

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowa bu at Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 21-nji ýanwarda geçirilen bilelikdäki mejlisinde kabul edilen «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunda berkidildi.

Konstitusion Kanunda: «görnükli hem abraýly döwlet, syýasy we jemgyýetçilik işgäri hökmünde milli hem-de halkara derejede ykrar edilen döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen halkynyň Milli Lideri diýip kanun esasynda ykrar etmeli» diýlip bellenilýär.

Resminamada bu adyň «döwlet we jemgyýetçilik işinde, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde uzak ýyllaryň dowamynda işlemek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmekde, jemgyýetimiziň bitewüligini, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halkymyzyň çäksiz sylagynyň, belent sarpasynyň, uly hormatynyň we söýgüsiniň beýany hökmünde» ykrar edilýändigi aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: