YKDYSADYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleriň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

26-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şanly Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitleriniň ýolbaşçylary häzirki döwürde welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça agrotehniki kada laýyk ideg etmek, bugdaý ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, şeýle hem gök ekerançylykda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler barada hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Türkmen Lideri welaýatlaryň biokärhanalarynyň netijeli işini ýola goýmak babatda birnäçe tabşyryklary berip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Şeýle hem güýzlük gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişiniň agrotehniki möhletde geçirilmeginiň, gant şugundyry ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki talaplara laýyk gelmegini üpjün etmegiň möhüm talap bolup durýandygy aýdyldy.
Iş maslahatynda Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew aragatnaşyga çykyp, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda hem-de Balkan, Mary welaýatlarynyň güýzlük gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny belledi. Welaýatlar boýunça şu ýyl ekilmegi meýilleşdirilýän güýzlük ýeralmanyň ekiş geçiriljek 5 müň gektar meýdanynyň taýýarlyk derejesi barada hasabat berildi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ekilmeli gök ekinleriň we beýleki aralyk ekinleriň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: