JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna mätäç çagalara sowgatlar gowşuryldy

Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk enjamlary sowgat berildi. Olar Şweýsariýada öndürilen «Phonak» atly eşidiş enjamlary we maýyplar üçin niýetlenilen arabalardyr. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alyndy.

Merkeziň gulak-burun-bokurdak lukmany Anwar Çaryýew eşidiş enjamynyň daşky sesleri beýnä habar berýändigini gürrüň berdi. Bu bolsa çaganyň diňe bir eşitmegine däl, eýsem, dil açmagyna hem gönüden-göni ýardam berýär. Täze gelip gowşan arabalar çagalaryň ulanmagy üçin örän amatlydyr.

Geçen ýylyň mart aýynda döredilen gaznanyň serişdeleriniň hasabyna eýýäm üç aýdan soňra Lebap welaýatyndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» ulaglary sowgat berildi. Bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň onlarçasy üstünlikli operasiýa edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: