Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara operasiýa edildi

Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde iki çaga çylşyrymly operasiýa edildi.

Kerki etrabynyň ýaşaýjysy Mekan Myratgeldiýewiň we Köýtendag etrabynyň ýaşaýjysy Umitjan Uktamowyň çep dyz we daban bogunlarynyň çekiji peýlerini uzaltmak boýunça operasiýa üstünlikli geçdi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyryldy.

Bu gazna geçen ýylyň mart aýynda döredilipdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylypdy. Şondan bäri geçen bir ýylyň dowamynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna 20-ä golaý çaga çylşyrymly operasiýa edildi. Olary merkeziň lukmanlary amala aşyrdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector