Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasaplary açyldy

Mar 30, 2021

«Türkmenistan bu gün» saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Merkezi bankynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 29-njy martyndaky 2196 belgili «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky» Kararynyň esasynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary açyldy.

Haýyr-sahawat gaznasynyň hasaplarynyň belgileri:
milli manatda — 23205934110100100000000;
amerikan dollarynda — 23205840110100200000000;
ýewroda — 23205978110100300000000.

Hyzmat ediji – Türkmenistanyň Merkezi banky.
Bankyň anyklaýyş belgisi 390101101.

Leave a Reply