Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Gurban Berdiýew — Russiýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçiligine dalaşgärleriň hatarynda

Jul 22, 2021

Russiýanyň futbol soýuzy üç dalaşgärden ýygyndy toparyň baş tälimçisini saýlaýar. Sanawda: Ştefan Kuns, Waleriý Kaplin we Gurban Berdiýew. Bu barada «Чемпионат»-a salgylanmak bilen «mail.ru» ýazýar. 8-nji iýulda Russiýanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Stanislaw Çerçesowyň wezipesini goýandygy barada habar berilipdi. «Ýewropa — 2020» çempionatynda Russiýa Belgiýa, Daniýa we Finlýandiýa bilen bir toparda iň soňky orny eýeläpdi. Topar diňe bir gezek ýeňiş gazandy we üç utuk toplady. Finlerden we daniýalylardan Çerçesowyň oýunçylary goşmaça görkezijiler boýunça yza galdylar.