BIZE YAZYARLAR

Gurban baýramy — ruhy tämizligiň baýramy

Adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramynyň milli däpdessurlarynyň binýady köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýar. Bu baýram türkmeniň haýyr-sahawatlylyk, ýokary ruhy-ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýar.

«Gurbanlyk» arap dilinde « aralaşmak, Allaha aralaşmagyň serişdesi » diýen manyny berýär. Fykyh terminologiýasynda bolsa, ybadat maksady bilen, belli bir wagtda, belli bir häsiýetleri özünde jemleýän haýwany düzgüne laýyklap soýmaklyga «gurbanlyk» diýilýär.

Görnüşi ýaly, musulman halklarynyň, şol sanda türkmenleriň häzirki döwürde giňden belleýän Gurban baýramynyň döreýiş kökleri örän irkidir. Ol hut Oguz nesilleriniň ruhy däbidir. Ol yslam dini tarapyndan kabul edilip, has kämilleşdirilip, baýram görnüşine öwrülýär. Araplar Gurban baýramyny Ybraýym we onuň ogly Ysmaýyl bilen bagly meşhur rowaýat bilen utgaşdyryp, gadymy ýörelgäniň yslam dünýäsindäki mertebesini has-da berkidýär. Baýramyň gadymy ruhy däp-dessurlarynyň köpüsi biziň günlerimize çenli ýöredilip gelindi. Baýramçylyk, adatça, üç günläp dowam edýär.

Gurbanlykda adamlar üýşüp öýlere baryp, «Gurbanlyk kabul bolsun!» diýip, birek-biregi gutlaýar. Her gün azyndan ýedi öýden gurbanlyk iýip, töwir edilse, sogap bolýar diýilýär.

Gurbanlyk jemgyýetde dostluk – doganlyk, jebislik, arkalaşyk , adalatlylyk we mähir – mubabbet ýaly duýgularyň ösmegine ýardam berýär. Halkyň ýokary gatlak bilen aşaky gatlaklarynyň arasynda uçurymyň döremeginiň öňüni alýar we dürli gatlakdaky adamlaryň ysnyşmagyny ýola goýýar.

Gurbanlygyň adamyň saglygyna gönüden – göni täsir edýän kadaly iýmitlenmegiň üpjün edilmeginde hem ähmiýeti uludyr. Sebäbi adaty ýagdaýda et iýmäge gurby ýetmeýän garyp maşgalalar Gurban baýramy mynasybetli et iýmäge mümkinçilik tapýar . Elbetde, gurbanlygyň maldarçylyk pugadyna we ykdysady önümçilige ýetirýän täsiri hem az – küş däl bolsa gerek.

Myhmanlar güler ýüz bilen oňat garşylanylýar. Ýaşlar toý geýimlerini geýip, köçelerde, seýilgählerde, medeniýet öýlerinde gezelenç edýärler, medeni çärelere gatnaşýarlar. Baýramda at çapyşygyny guramak, göreş tutmak, ýaglyga towusmak, ot ýakyp, töwereginde gazal aýdyp, küşt depmek, oduň üstünden bökmek, hiňňildik uçmak ýaly däp-dessurlar berjaý edilýär.

Mätäje maddy kömek bermek, oba ýerlerinde garrylaryň, ýarawsyzlaryň ýa-da uly ýaşly erkek kişisi bolmadyk maşgalalaryň mellek ýerini ýaş oglanlaryň arassalap, depip bermegi, ýaşulularyň öýkeleşen goňşulary, garyndaşlary ýaraşdyryp gaýtmagy ýaly gadymy ýörelgeler agzybirligi berkitmekde örän ähmiýetli orny eýeläp gelýär.

Türkmenistanda milli baýram — Gurban baýramy 16-17-18-nji iýun günlerinde belleniler.

Belläp geçsek, Gurban baýramy yslam dünýäsinde iki sany esasy baýramyň biri bolup, ol beýleki bir möhüm baýram — Oraza baýramyndan 70 gün soňra bellenilýär. Döwlet Baştutanynyň ýörite Permany esasynda, şol baýramçylyk günleri Türkmenistanda iş günleri däl diýlip yglan edilýär.

Görnüşi ýaly, Gurban baýramy has irki döwürlerden bäri halk baýramy hökmünde meşhur bolup, oňa gadymy Oguz ýörelgeleri, ahlak-edep, pähim-parasat ýakymlylygy siňdirilipdir. Şeýdibem, ol halkyň söýgüli baýramyna öwrülip gidipdir. Häzirki wagtda bu baýramçylyk döwlet derejesinde has dabaraly, şowhunly, dynç alyş günleri bilen bellenilýär. Gurbanlygyň gadymy däp-dessurlary döwrebap öwüşginlerde baýlaşdyrylýar.

Men hem 2024-nji ýylda bütin türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramynyň gelip gowuşmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, bizlere şeýle eşretli döwrany peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Jumanazarow Gaýrat

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: