JEMGYÝET

Günüň ýiti şöhlesinden goranmak bilen bagly maslahatlar berildi

Häzirki günlerde dowam edýän kadadan daşary gyzgyn howa sebäpli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi welaýat neşirinde maslahat beriş makalasy bilen çykyş etdi.

Onda beýan edilişi ýaly, tomsuň çogly günlerinde — özümizi Günüň ýiti şöhlesinden goramalydyrys. Günüň şöhlesi belli bir derejede D ýokumynyň esasy çeşmesidir. Şuňa görä, Gün şöhlesinden dogry peýdalanmak üçin irden sagat 10.00-a çenli, öýlän 18.00-dan soň arassa howada gezelenç etmeli. Şol wagtlarda Gün şöhlesi bedenimiziň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyryp, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Günüň ultramelewşe şöhlesi çaganyň dogry ösmegine ýardam berýär. D ýokumy çagalarda igleme (rahit), ulularda bolsa osteoparoz keselleriniň döremeginiň, bedende alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalarynyň öňüni alýar.

Tomus günleri açyk howada işleýänlere kellelerini ýaglyk, başgaplary bilen örtmeklerini, açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri geýmeklerini, ýeňleriniň uzyn bolmaklaryny, gözlerine Gün şöhlesinden goraýan äýnekleri dakynmaklaryny, saýawan ulanmaklaryny maslahat berýäris. Günüň dowamynda 2 — 2,5 litre çenli arassalanylan agyz suwlaryny, gaýnadylyp sowadylan suwlary içmek hem peýdalydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: