Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdylar. Olar ylmy we çeper eserleri bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdular.
Orta asyrlarda türkmen topragynda zähmet çeken, ylmy açyşlary bilen dünýä medeniýetiniň genji – hazynasyna saldamly goşant goşan Al-Horezmi, Omar Haýýam, Al-Hazini ýaly beýik şahsyýetleriň ylmy işleri halkymyzy buýsandyrýar.
Gadymy Merwde ýaşan we işlän meşhur matematikleriň biri-de Muhammet ibn Musa Al-Horezmidir. Taryhy çeşmelerde alymyň 783-nji ýylda Horezmde doglandygy, ilki Merwde işländigi, soňra hem Bagdada göçüp, şol ýerde hem ömrüniň ahyryna çenli ýaşandygy baradaky maglumatlar bar. Al-Horezminiň doglan wagty 783-nji ýyl, aradan çykan wagty bolsa 850-nji ýyl diýip hasap edilýär. Al-Horezmi özüniň “Kitap aljebr we almukabala” diýen kitabynda položitel koeffisiýentli kwadrat deňlemeleriň dürli görnüşleriniň çözüliş usullaryny beýan edipdir.
Al-Horezminiň arifmetika, algebra, astronomiýa, geografiýa we senenama degişli bäş sany işi biziň döwrümize çenli saklanypdyr. Ol gün sagady barada hem kitaplary ýazypdyr.
Ýewropalylar arifmetikany we algebrany Al-Horezminiň kitaplary boýunça öwrenipdirler. Ýewropaly alymlar Fibonaççi Paçiola, Tartalýa, Kardon, Ferrari Al-Horezminiň matematikadan ýazan işlerini peýdalanypdyrlar.
Al-Horezmi arifmetika boýunça kitabynda onluk hasaplaýyş sistemasyny giňişleýin beýan edipdir.
Onuň “Algebra we almukabala hasaplamalary” atly kitaby birnäçe asyryň dowamynda algebra boýunça esasy gollanma bolupdyr. Ol bu kitabynda kwadrat deňlemeleri çözmegiň düzgünlerini beýan edipdir.
Algebra sözi aljebr sözünden döräpdir. Bu adalga dünýäniň ähli ýurtlarynda ykrar edilipdir. Alymyň Al-Horezmi ady “algoritm” diýen matematiki adalga öwrülipdir.
Omar Haýýam XII asyryň başynda san düşünjesini položitel hakyky sanlara çenli giňeldýär.
Geomtriýa bilen algebranyň arasyndaky baglanyşyklar baradaky soraglary ilkinji bolup goýmak hem Omar Haýýama degişlidir. Ol ilkinji gezek algebrany geometriýada peýdalanmagy başarypdyr.
Omar Haýýamyň algebra degişli ylmy işleriniň arasynda sanlardan islendik derejeli kökleri almagyň usuly baradaky eseri hem bardyr. Bu maglumatlar alymyň “Arifmetikanyň kynçylyklary” atly işinde berilýär.
Omar Haýýam kämil senenama düzüpdir. Onuň senenamasynda bir ýylyň dowamynda bary – ýogy 19 sekunt ýalňyşlyk, 5 müň ýyldan bolsa bir gije gündiz ýalňyşlyk goýberilýär. Bu bolsa Omar Haýýamyň senenamasynyň has kämildigini görkezýär.
XII asyryň birinji ýarymynda gadymy Merwde ýaşan we işlän meşhur matematikleriň biri-de Abdyrahman al-Hazinidir.
Ol bilimini Merwde alýar, matematika, astronomiýa, fizika ylymlaryna degişli işleri öwrenipdir. Ol 1121 – nji ýylda bu ylymlaryň hemmesini diýen ýaly öz içine alýan „Akyl terezisi“ atly işini ýazypdyr. Al-Hazini öz işinde mugallymy Omar Haýýamyň “Altyn bilen kümüşden ýasalan esbapdaky altyny we kümüşi kesgitlemek hakynda” atly işini doly getirýär. Al- Hazininiň bu işi biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häzirki wagtda onuň arapça teksti Sankt – Peterburgyň
golýazmalar fondunda saklanýar.
Al-Hazini astronomik gurallary we agyrlyk ölçeýji terezileri döretmeklik bilen hem meşgullanypdyr.
Rozyhal TÖRÄÝEWA,
Çärjew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy.
