Döwletli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, bereketli Lebap topragynda hem şalynyň bol hasyly ýetişdirildi. Indi bolsa welaýatyň şalyçylarynyň öňünde uly maksat dur. Olar hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda Watan harmanyna 47 müň 400 tonnadan geçirip, şaly hasylyny tabşyrmagy maksat edinýärler.
Şu ýyl Jeýhun ýakasyndaky mes toprakly atyzlaryň 10 müň 200 gektaryna şalynyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi. Bugdaýdan boşan ýerlere ekilen ekin dessine boý aldy. Jeýhunyň mele suwy, bol dökün we daýhan yhlasy birigip, garaşylýan hasyl kemala geldi. Indiki wezipe bolsa hasylyň ýekeje dänesini hem yrýa etmän, ýygnap almakdan ybarat.
Welaýatda şaly oragyna ýokary derejede taýýarlykly gelnendigini aýtmak gerek. Möwsümiň öň ýanynda kombaýnlar orak möwsümine taýýar edildi. Şu ýyl olaryň onlarçasy oraga gatnaşyp, hasyly wagtynda ýygnap almaga goşant goşarlar.
Hormatly Prezidentimiziň beýleki däneli ekinler bilen bir hatarda şalynyň hem satyn alyş nyrhlaryny artdyrmagy daýhanlaryň yhlasyna yhlas, höwesine höwes goşdy. Nesip bolsa, bol hasyl tabşyran daýhan ýyllyk girdejisiniň şanyna toý tutar. Bu toý hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen utgaşyp, dabarasy dag aşar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komiteti hem oba hojalyk möwsümleriniň her birinde bolşy ýaly, şaly oragy möwsüminde hem daýhanlardyr mehanizatorlaryň armasyny ýetirýär. Olaryň arasynda zähmet bäsleşiklerini we beýleki höweslendiriş çärelerini guraýarys. Nesip, bolsa Watan harmanyna bol mukdarda şaly tabşyryp, il-günümiziň azyk garaşsyzlygyny berkitmek ýaly asylly işe her birimiz ak ýürekden goşant goşarys.
Bagdan BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň esasy
hünärmeni.
