Gündogar sebitiň ykdysady kuwwaty artýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan maksatnamalar häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar.
Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksportuny artdyrmak boýunça senagat pudagynyň öňünde uly wezipeler goýulýar. Döwletimiziň senagatlaşdyryş syýasatynyň esasy maksady tutuş ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendirijisi hökmünde önümçilik pudagynyň ösmegi we emele gelmegi üçin şert döretmekdir.
Milli Liderimiziň innowasion senagatlaşmak syýasatynyň netijeleri esasynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar, halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli harytlary çykarmaga ugur alan, ekologiýa taýdan arassa, iň güýçli tehnologik önümçilikler häzirki wagtda halkara bazarlarynda ýurdumyzyň önümleriniň meşhurlygyny üpjün edýär. Bilermenleriň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda öndürilen önümler halkara gözden geçirişlerde we sergilerde ýokary baha mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň senagat kärhanalarynda Ýewropa ýurtlarynyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň dünýä belli kompaniýalarynyň döwrebap önümçilik enjamlarynyň ornaşdyrylmagy türkmen senagat önümleriniň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar.
Senagat maddy önümçiligiň baş pudagydyr. Sebäbi, islendik önümçilik pudagynyň barha ýöriteleşmegi, ösmegi üçin ýeterlik kämil tehnikalar we enjamlar zerurdyr. Bu zerurlygyň hötdesinden gelip bilýän ýeke-täk pudak senagatdyr. Şol bir wagtyň özünde maddy däl sferanyň ösüşi hem gös-göni senagata baglydyr. Mysal üçin, bank hyzmatlarynda, aragatnaşyk ulgamynda ulanylýan tehniki serişdeleriň hemmesi senagatyň önümleridir. Has anyk aýdylanda, ykdysadyýetiň ösmegi ilkinji nobatda senagata baglydyr.
Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek ýoluny saýlap alan Türkmenistan döwletimizde bu ugurda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilip, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň geljegi uly täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologiýa-gözleg işleri işjeň alnyp barylýar. Olaryň netijeleri senagat toplumynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän gurluşyk serişdeleriniň, beýleki harytlaryň öndürilişiniň möçberini ýokarlandyrmaga gönüden-göni täsirini ýetirýär. Sement önümleriniň ýola goýlan önümçiligi hem türkmen topragynyň baý serişde gorlarynyň netijeli ulanylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewralynda açylan Lebap sement zawody bu ugurda nusgalyk önümçilik desgasydyr. Bu iri kärhana täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine goşant goşýar.
Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherinden 350 kilometr uzaklykda ýerleşýän zawodda geçen ýyllaryň dowamynda ýokary berklige eýe bolan sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýokary hilli gurluşyk önümleriň öndürilmegi barha ýaýbaňlandyrylýan gurluşyklaryň güýçli depgininiň gazanylmagyna ýardam edýär.
Gurluşyk pudagyna gönükdirilýän ägirt uly maýa serişdeleriniň, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň, telekeçiligi goldamak babatynda durmuşa geçirilýän netijeli çäreleriň şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşýandygyny bellemek zerurdyr. Bu syýasatyň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň her ýylda ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berilýär, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenýär hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle giň gerimli işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, şäherdir – obalarda halkara ülňülere laýyk gelýän möhüm düzümleri kemala getirmäge gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyň aýdyň netijeleridir.
Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz : “Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr” diýip belleýär.
Häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynyň”, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary hem-de ilaty zerur bolan ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär.
Sement gurluşyk üçin iň zerur önümleriň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynda täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümler öndürilýär. Häzirki wagtda “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgyly sement önümleri diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolýar.
Ýurdumyzda ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary gurulýar. Ýerli çig mallary peýdalanyp önüm öndürmek, islendik önüm öndürýän kärhanalar üçin ykdysady taýdan amatly şert döredýär. Çig mallaryň gazylyp alynýan känlerine golaýdygy, ýük daşamak boýunca çykdajylary tygşytlamaga uly mümkinçilik bardygyny görkezýär. Ykdysadyýetde önüm öndürmek üçin maddy harajatlar bilen bir hatarda, ýükleri daşamak bilen bagly harajatlar göniden-göni harydyň bahasyna täsir edýär. Şonuň üçinem ýerli çig mallary peýdalanmak arkaly öndürilýän önümleriň bahasy elýeterli bolýar. Bu bolsa peýda gazanmaga, düşewüntliligiň derejesini ýokarlandyrmaga esas bolýar.
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 13-nji martynda gadymy Lebap topragyna hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa gadamy düşdi. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň dabaraly açylyşyna gatnaşyp, bu kuwwatly senagat kärhanasynyň işläp başlamagyna ak pata berdi. Bu iri taslamanyň işe girizilmegi diňe bir Gündogar sebitiň däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly we depginli ösmegine ýardam berjek iri innowasion häsiýetli kärhanalaryň biridir. Bu önümçilik desgasy 37,5 gektar meýdana ýaýylyp gidýär. Bu desganyň taslama boýunça bahasy 518 million manada deňdir. Zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna 2020-nji ýylda başlanyldy. Bu möhüm taslamanyň gurluşygyny “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy. Zawodda Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň we Türkiýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, olar önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Iri senagat kärhanasy tutuşlygyna awtomatlaşdyrylan ulgamda işleýär. Bu bolsa, maglumat-aragatnaşyk, çylşyrymly sanly tehnologiýalardan baş alyp çykýan ýokary derejeli hünärmenleri talap edýär. Zawodyň ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sement öndürmeklige niýetlenendir.
2020-nji ýyldan bäri bu ýerde hünärmenleriň 650-den gowragy zähmet çekip, köp sanly gurluşyk we gurnama, şeýle hem tehnologik – kömekçi enjamlary sazlama işlerini, elektrik, suw, gaz üpjünçiliginiň, lagym ulgamlarynyň, demir ýoluň gurluşygynyň hem-de dürli maksatly binalardyr desgalaryň 38-sinden ybaratdyr. Onuň ulanmaga berilmegi netijesinde, kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwatyny geljekde 2 million tonna ýetirmeklik meýilleşdirilýär.
Kärhana 38 sany binadan we desgadan ybarat bolup, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur önümçilik we durmuş şertleri döredilendir. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň esasy maksatlarynyň biri bolan ilaty iş bilen üpjün etmek bilen bir hatarda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga şert döredýär. Gurluşyk senagaty üçin gymmatly önüm bolan sement öndürýän täze zawodyň gurluşygynda ekologik howpsuzlyk kadalary göz öňünde tutulýar. Hasaplamalara görä, bu ýerde önümçilik wagtynda howa we suwa zyýanly maddalaryň bölünip çykýan mukdary rugsat edilýäninden hem ep-esli azdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynda gurlup ulanmaga berilýän kärhanalaryň sany gün-günden artýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ilatynyň iş bilen üpjünçiliginiň hem-de ýaşaýyş durmuş şertleriniň derejesininiň ýokarlanmagyna giň mümkinçilik döredýär.
Häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynyň”, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi üçin hünärmen üpjünçiligi esasy meseleleriň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň Gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde milli ykdysadyýetiň nebitgaz pudagy üçin “Nebiti we gazy gaýtadan işlemek”, “Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryny tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak”, Gurluşyk we senagat toplumy üçin “Senagat we raýat jaý gurluşygy”, “Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi”, “Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş”, “Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy”, “Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak”, ”Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy”, “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş “, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň önümçilik pudaklarynda gurulýan innowasion kärhanalarynda hünärmenler bilen üpjünçilik meselesini çözmeklige ýardam edýär.
Häzirki wagtda mekdebimizde okaýan talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede öwrenmeklik maksady bilen okuw maksatnamasyna laýyklykda ýörite tassyklanan iş meýilnama esasynda ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän önümçilik kärhanalarynda önümçilik tejribeligini geçmekligi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlaryň öz saýlap alan hünärleri boýunça ugurdaş kärhanalarda önümçilik tejribeligini geçmek üçin mekdep tarapyndan ähli aladalar edilýär. Bilim alýan talyp ýaşlaryň önümçilik tejribeligini talaba laýyk geçmegi üçin önümçilikde tehniki we ýangyn howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň düzgünleriniň dogry berjaý etmekleri üçin degişli gözükdirme işleri hem geçirilýär.
Mekdebimizde talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin okatmagyň täze usulyýetini kämilleşdirmek maksady bilen okuw otaglary döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli her okuw ýylynda enjamlaşdyrylýar hem-de abatlaýyş işleri geçirilýär. Mekdep kitaphanasynda talyplar üçin elektron kitaplaryň gorlary döredildi. Gerek bolan maglumatlardan islendik wagt peýdalanmak üçin yzygiderli işler geçirilýär. Talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen umumy ýaşaýyş jaýynda düýpli abatlaýyş işleri geçirilip ähli amatlyklar döredildi. Bu bolsa talyp ýaşlary okamaga, bilim almaga, Watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelenmäge borçlandyrýar.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde okaýan talyp ýaşlar her ýylda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän döwlet derejesindäki ders bäsleşigine gatnaşyp Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatlaryna mynasyp bolýarlar. Mekdebimizi tamamlan uçurymlar ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler hem-de zähmet çekýän kärhanalarynyň depginli ösüş gazanmaklygyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän himiýa senagatynyň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki döwürde adamyň durmuşyny himiýa pudagynyň önümi bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Himiýa senagaty adamlaryň sarp edýän harytlary bolan sintetik kauçugy, süýümleri, ýuwujy serişdeleri, plastmassalardan ýasalan önümleri, reňkleri, dermanlary, oba hojalygynda ulanylýan mineral dökünleri, ösümlikleri goramagyň himiki serişdelerini öndürýär. Ýeri gelende bellesek, kislorod – gündelik durmuşda we janly organizmleriň ýaşaýşy üçin iň köp mukdarda sarp edilýän himiki maddadyr.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda mekdebimizde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän döwründe bu sene bilen baglanyşykly dabaraly çäreler, maslahatlar geçirildi. Sebäbi Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde himiýa ylmyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şahyryň “Siziňdir” diýen goşgusynda şeýle setirler bar :
Sözüm ýerde galmaz, diýdigim geler,
Nazarym kimiýadyr – mis altyn bolar
ýa-da “Bähm eder” goşgusynda :
Kimiýany topraga seçseň,
Toprakdan zer bähm eder.
Bu bolsa himiki usullar bilen alynýan iýmitlik maddalary – dökünleri topraga berseň, bol hasyl alyp bolýandygyny aňladýar.
Beýik akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragy daşky gurşawda bolup geçýän himiki hadysalara akyl ýetirmek bilen, olaryň manysyny goşgy setirleri bilen çeper beýan edýär. Bu hadysalary ylmy taýdan seljermek, ösüp gelýän ýaş nesliň aňyna ýetirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şol nukdaýnazardan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – biz mugallymlar üçin edep-terbiýe, ylym, bilim mekdebidir.
Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmäge hem-de ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Nigara AMANOWA
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy