YKDYSADYÝET

Gündogar sebitiň ýangyç-energetika kuwwaty artýar

Şu ýylyň geçen bäş aýynda Lebap welaýtynda elektrik energiýasynyň 1 milliard 742,5 million kilowat sagady öndürildi. Şonuň netijesinde ilatly ýerler, senagat kärhanalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilýär.

Lebaply energetikler baglaşylan döwletara şertnamalaryna laýyklykda daşary ýurtly sarp edijiler üçin elektrik energiýasyny ibermek işine hem saldamly goşant goşýarlar. Şu ýylyň bäş aýynda nebit çig malyny gaýtadan işlemekde, nah ýüplükleri, mineral dökünleri, şöhlat, süýt önümlerini öndürmekde geçen ýylyň degişli döwründen öňe düşüldi.

Şeýle netijeler welaýatyň senagat kärhanalarynyň işgärleriniň ümzükleriniň öňediginden, belent sepgitleri eýelemek hyjuwy bilen joşýandyklaryndan habar berýär.